Saýlanan programmalar
Şu programmalar we enjamlar bilen OneNote-dan has netijeli peýdalanyň.
Brother Web Connection
Brother enjamy (MFP/Resminama skanirleýji) suratlary skanirläp we PC ibermezden gönümel OneNote bilen OneDrive-a ýükläp bilýär.
Chegg
Talyplar möhüm öý işi jogaplaryny Chegg Study Q&A-dan OneNote-a ýatda saklap bilýär. OneNote-da "Kes" düwmesine bassaňyz bolany. Şol ýerden, öz jogaplaryňyzy tema, synpa ýa-da öý işine görä tertipläp we ählisini OneNote-da gözlener ýaly edip bilersiňiz. Ajaýyp okuw gollanmasyny dörediň we synpdaşlaryňyz bilen paýlaşyň.
cloudHQ
OneNote bellikleriňizi cloudHQ bilen integrirläň. Depderçeleriňizi Salesforce, Evernote we Dropbox ýaly meşhur bulut hyzmatlary bilen sinhronlaň. Başga kişiler bilen ýeňil işleşiň, islendik programmada pikirleriňizi paýlaşyň we olary OneNote-a awtomatik sinhronlaň. Tötänden ýoklan ýagdaýyňyzda ýitmez ýaly, öz pikirleriňizi goramak üçin, OneNote depderçeleriňizi beýleki bulut hyzmatlarynda hem ätiýaçlaň.
Newton
Newton arkaly ýekeje basyşda möhüm e-poçtalary OneNote-da ýatda saklaň. Ol inwoýs, resept ýa-da möhüm müşderi e-poçtasy bolsun, tapawudy ýok, hemme zady bir ýerde saklamak üçin, Newton-yň OneNote integrasiýasyny ulanyň.
Docs.com
Docs.com ulanyjylara OneNote depderçeleri arkaly bellikleri ýaýratmaga ýa-da materiallary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ol tutuş ýer ýüzünde mugallymlara, okuwçylara we beýleki adamlara OneNote depderçäňizi görmäge we täzeden ulanmaga, şeýlelikde köpçülikde meşhurlygy we täsiri ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Doxie Mobile Scanners
Doxie - zarýadda işleýän täze bir kagyz skanirleýji, şol sebäpli resminamalary islendik ýerde kompýutersiz hem skanirläp bolýar. Zarýad berip işletmek ýeterlik, nirede bolsaňyz hem skanirlemek, arhiwlemek we paýlaşmak isleýän kagyzlaryňyzy, reseptleriňizi we fotosuratlaryňyzy salyp bilersiňiz. Doxie islendik ýerde skanirläp, OneNote-a sinhronlaýar, şonuň üçin hem, ähli skanirlän resminamalaryňyza ähli enjamlaryňyzda girip bilersiňiz.
EDUonGo
EDUonGo islendik kişä sanlyja minutda onlaýn akademiýa ýa-da kurs döretmäge mümkinçilik berýär. EDUonGo talyplary sapaklary öz depderçelerine ýeňillik bilen eksportirläp bilýärler. Ol talyplaryň bellik almagyny we beýlekiler bilen paýlaşmagyny ýeňilleşdirýär. Talyplar öz OneDrive hasaplaryna-da birigip bilýärler. Mugallymlar hökmünde, siz sapaklaryňyza Office Mix-den wideolary goşup bilersiňiz.
OneNote-a e-poçta iberiň
Iş üstünde möhüm zatlary ýüzugra surata düşüriň we göni öz ýazuw depderçäňize iberiň! Resminamalary, bellikleri, ýol ýazgylaryny we ş.m. me@onenote.com salgysyna iberiň, biz olaryň öz OneNote ýazuw depderçäňizde goýarys, onsoň olara ähli enjamlaryňyzdan girip bilersiňiz.
Epson Document Capture Pro
Document Capture Pro size aňsat usulda resminama skanirlemäge, sahypa redaktirlemäge, faýl ýatda saklamaga we Workforce® DS-30, DS-510, DS-560 we ş.m. Epson skanerleri bilen skanirlenýän programmalara maglumat geçirmäge mümkinçilik berýär. Üstesine-de, ulanyjylar bir basanda OneNote-a skanirläp, resminamalara birnäçe enjamdan girip we başgalar bilen paýlaşyp bilýär.
eQuil Smartpen2 & Smartmarker
Bellikleriňizi islendik tekiz ýere ýazyp, OneNote-a iberiň we eQuil Smartpen2 hem-de Smartmarker bilen ony akylly ýere öwrüň. Ol ajaýyp pikirleriňizi düşürmegiň tebigy ýoly.
Feedly
Feedly okyjylary gyzyklanýan wakalary we maglumatlary bilen üpjün edýär. Ajaýyp materiallaryň üstüni açyp yzarlamak üçin, Feedly ulanyň we iň gowy makalalary bir basyşda OneNote-da ýatda saklaň.
FiftyThree tarapyndan Paper we Pencil
Öz ideýalaryňyz bilen Pencil-den Paper-e baryň we OneNote arkaly has-da öňe gidiň. Pencil arkaly güýçli takyklyk we ýeňillik bilen ýazyň we çyzyň, eger ýalňyşaýsaňyz, pero bilen göni OneNote-da öçüriň. Paper-de bellikleri alyň, barlag sanawlaryny we eskiz döredip, OneNote-da köp işleri (mes. paýlaşylýan depderçede bile işlemek, ses ýazgylaryny goşmak we islendik enjamdan öz materiallaryňa girmek) ýerine ýetirmek üçin paýlaşyň.
Genius Scan
Genius Scan - jübiňizdäki skaner. Ol kagyz resminamalary elektron formata geçirmäge, PDF faýllary döretmäge we olary derrew OneNote-da goýmaga mümkinçilik berýär.
JotNot Scanner
JotNot siziň iPhone-yňyzy göçme köp sahypalyk skanere öwürýär. JotNot arkaly resminamalary, reseptleri, ak tagtalary, wizitkalary we bellikleri elektron formata skanirläp bolýar. JotNot indi Microsoft-yň OneNote platformasy bilen gönümel integrasiýany teklip edýär, onsoň siz skanirleýän zatlaryňyzy öz OneNote hasabyňyz arkaly tiz we aňsat ätiýaçlap hem-de tertipläp bilersiňiz.
Livescribe 3 Smartpen
Livescribe 3 smartpen we Livescribe+ programmasy bilen, kagyza ýazyň we hemmesiniň şolbada mobil enjamda peýda bolşuna tomaşa ediň, ol ýerde bellikläp, gözläp we bellikleriňizi tekste öwrüp bolýar. Ähli zady OneNote-a iberip bilersiňiz, ol ýerde elýazuw bellikleriňizi we eskizleriňiz beýleki möhüm maglumatlaryňyza integrirlenýär.
Mod Notebooks
Mod - bulutdan girip bolýan kagyz ýazuw depderçesi. Öwrenişen galamdyr kagyzyňyz bilen bellik alyň we sahypalaryňyzy mugt elektron formata geçiriň. Tamamlanan ýazuw depderçesiniň her bir sahypasyny OneNote-a sinhronlap we hemişelik ýatda saklap bolýar.
NeatConnect
NeatConnect kagyz desselerini elektron resminamalara öwürýär we göni OneNote-a iberýär - özem kompýutersiz. Jaýyňyzdaky islendik otagdan, ýa-da ofisiň islendik ýerinden, NeatConnect-iň Wi-Fi ylalaşyjylygy we duýgur interfeýsi OneNote-a derrew we ýeňil skanirleýär, şeýlelikde, siz wagty tygşytlap, guramaçylygy we öndürijiligi täze derejelere ýetirip bilersiňiz.
News360
News360 - mugt şahsylaşdyrylan täzelikler programmasy, ol siziň halaýan zatlaryňyzy bilýär we has akylly netijeleri hödürleýär. 100,000+ çeşme bilen, hemişe okamaga gyzykly zat bolýar, halaýan zatlaryňyzy bir basyşda göni OneNote-da ýatda saklap bilýärsiňiz.
Nextgen Reader
Windows Phone üçin çalt, arassa we owadan RSS okaýjy. Indi size makalalary gönümel OneNote-da ýatda saklamaga mümkinçilik berýär. Hözürini görüp okaň!
Office Lens
Office Lens edil jübiňde skaner göteren ýaly. Ak ýa-da gara tagtadaky bellikleri hiç wagt sypdyrmaň, we hiç haçan resminamalar, wizitkalar nirä düşdükä diýip, reseptdir bellijekleri gözläp ýörmäň! Office Lens suratlary okalýan we ulanylýan görnüşe ussatlyk bilen geçirýär. Awtomatik kesip, timarlap, materialy göni OneNote-a düşüriň.
OneNote For AutoCAD
OneNote for AutoCAD size bellikleri almaga hem-de AutoCAD-da çyzmaga mümkinçilik berer. Ol 2D we 3D çyzgylary döretmek üçin AutoCAD ulanmak bilen binagärlik we inženerçilik ussatlarynyň öndürijiligini ýokarlandyrýar. Ol bellikler buluda sinhronlanylýar we olara islendik wagt girip bolýar. Ulanyjylar indiki AutoCAD-da çyzgyny açanlarynda ol bellikleri görüp bilerler.
OneNote Class Notebooks
Sapak planlaryňyzy we kurs materiallaryňyzy öz sanly depderçäňizde tertipläp goýuň, onda her okuwçy üçin şahsy iş ýeri, paýlanylýan materiallaryň kitaphanasy, şeýle hem, sapaklar we döredijilikli işjeňlikler üçin hyzmatdaşlyk ýeri bar.
OneNote Web Clipper
OneNote Web Clipper göni brauzerden OneNote depderçelerine web-sahypa ýatda saklamaga mümkinçilik berýär. Ol ýekeje basyşda çalt düşürmäge we durmuşda has köp zady ýada salmaga mümkinçilik berýär.
Powerbot for Gmail
Möhüm e-poçtalary, gepleşikleri we goşundylary göni Gmail interfeýsinde OneNote-da ýatda saklaň. Indi programmadan programma geçip kösenip ýörmeli däl.
WordPress
WordPress ýazgylaryňyzy islendik enjamda, kros-platformada, onlaýn ýa-da awtonom OneNote-da ýazyp hem-de ähli bar bolan bellikleriňizden ýeňillik bilen material alyp bilersiňiz.
Zapier
Zapier - ol OneNote-y eýýäm ulanyp ýören Salesforce, Trello, Basecamp, Wufoo we Twitter ýaly programmalaryňyza birikdirmegiň iň aňsat usuly. Bellikleri ätiýaçlamak, tamamlanan tabşyryklaryň hasabyny ýöretmek, täze kontaktlary, fotosuratlary, web sahypalary we ş.m. ýatda saklamak üçin şu programmany ulanyň.